Ýolagçy gatnawy
Her ýylda 6 million ýolagçy
"Demirýollary" AGPJ her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär. Ýolagçylarymyzyň syýahat wagty rahatlygyny we howpsuzlugyny üpjün etmek maksatlaryny göz öňünde tutýan "Ýolagçy" bölüminde 5000 hünärmen zähmet çekýär. Hyzmatymyza türkmen sährasynyň ajaýyp peýzažynyň lezzetini duýmak isleýän dünýä jahankeşdelerinden we ýerli ýolagçylardan gelýän hoşallyk teswirleri agzybir işgärlerimizi has hem ruhlandyrýar.
Online biletler
"Demirýollary" AGPJ ýolagçylar üçin online bilet hyzmatyny ýola goýdy. Ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan "Demirýollary" AGPJ programmasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Biletleriň tölegini "Altyn Asyr" töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan.