Русский
Habarlaşmak

"Kerwen" sagaldyş merkezi

Amatlyklar

“Kerwen” sagaldyş merkezi umumy 200 orunlyk 80 otagdan ybarat bolup,olardan 60 sanysy 2 orunlyk standart otag, 2 sanysy yarym luks otag, 18 sany 4 orunlyk luks ýokary klasly otag.

Otaglaryň ählisi deňize tarap bakyp dur.

Ähli otaglarymyzda LCD telewizorlar, Wi-Fi, saç guratma enjamy, gyşky-tomusky howa sazlaýjy we telefon bilen üpjün edilendir.

“Kerwen” myhmanhanamyzyň 1-nji gatynda restorany başga-da in yokarky gaty bolan 12-nji gatynda deňize bakýan tarapynda restorany, daş ýüzinde dynç almak we wagtyňy hoş geçirmek üçin futbol meýdançasy, baskedbol meýdançasy, woleýbol meýdançasy, çagalar üçin ýatdan çykmajak oýun meýdançalary, çagalar hemde ulular üçin howuzy, bary bilen üpjün edilendir.

Otelimizde ýygnaklar we iş maslahatlary geçirmek üçin konferens zaly  bar.

We başga-da myhmanhamyzda dynç aljak myhmanlar üçin  Disko bary, Hammam, Ýapyk howuzy, Saunasy, saglyk merkezi, Owkalaýjy otagy, Türgenleşik otagy, Dellekhana, Bilýard otagy, Lobbi bary ýaly hyzmatlary bilen her bir dynç aljak myhmanlaryň göwnünden turup dynç alyşyňyzy has-da ýokarlandyrar.

Otaglaryň görnüşleri

60 sanysy 2 orunlyk standart otag, 
2 sany ýarym luks otag, 
18 sany 4 orunlyk luks ýokary klasly otag.

Hyzmatlar

  • ertirlik, günortanlyk, agşamlyk;
  • otaglary  gündelik arassalamak;
  • telewizordan we radiodan peýdalanmak;
  • Içki we daşarky howuzdan peýdalanmak;
  • kesgitlenen wagtda oýarmak;
  • günortanlygy we agşamlygy otaga getirtmek;
  • poçta hyzmaty;
  • sauna;
  • trenažýor zaly;
  • sport meýdançasy;
  • tennis korty;
  • lukmançylyk kömegi;
  • şäher içine telefon hyzmaty;
  • ulag duralgasy;
  • howa menzilinden myhmanhana we yzyna çenli bolan aralyk üçin ulag hyzmatyndan peýdalanmak;
  • akwapark;
  • katamaran we gämi;
  • anyklaýyş enjamy bilen üpjün edilen sagaldyş merkezi;
  • barlaghana otagy;
  • SPA-salon, owkalama otagy;
  • igloterapiýa;
  • fizioterapiýa;
  • internet;
  • restoran we lobbi-bar;
  • otagdaky kiçi bar;
  • şäherara we halkara telefon aragatnaşygy, faks, kseroks;
  • alyş-çalyş merkezi;

Sagaldyş hyzmatlary

"Kerwen" sagaldyş merkezinde size tejribeli lukmanlar saglygyñyzy dikeltmäge, berkitmäge we sagdyn durmuş yörelgesini alyp barmaga şu hyzmatlar arkaly kömek eder:

  • Lukmanyñ maslahaty
  • Funksional anyklaýyş 
  • UZI barlagy
  • Elektrokardiogramma
  • Fizioterapiýa:

Ingalyasiýa
Magniterapiýa
Ultrazwukoterapiýa
Elektroterapiýa
Diatermoterapiýa
Gidroowkalama
Oñurgany gury çekdirmek
Ozokerit
Parafin bilen bejergi
Palçyk bilen bejergi

  • Diş bejeriş hyzmatlary
  • Owkalama hyzmatlary