Русский
Habarlaşmak

Ýolagçy gatnawy

Her ýylda 6 million ýolagçy

"Demirýollary" AGPJ her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär. Ýolagçylarymyzyň syýahat wagty rahatlygyny we howpsuzlugyny üpjün etmek maksatlaryny göz öňünde tutýan "Ýolagçy" bölüminde 5000 hünärmen zähmet çekýär. Hyzmatymyza türkmen sährasynyň ajaýyp peýzažynyň lezzetini duýmak isleýän dünýä jahankeşdelerinden we ýerli ýolagçylardan gelýän hoşallyk teswirleri agzybir işgärlerimizi has hem ruhlandyrýar. 

Online biletler

"Demirýollary" AGPJ ýolagçylar üçin online bilet hyzmatyny ýola goýdy. Ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan "Demirýollary" AGPJ programmasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Biletleriň tölegini "Altyn Asyr" töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan.  

Ähli biletler telefonlaryňyzda

"Demirýollary" AGPJ ilatymyza berýän hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, pudagymyzyň maddy binýadyny berkitmek, häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenilen programmalary ulanyjylara hödürledi. Programmalar arkaly elektron biletleri satyn almak bilen birlikde syýahat edilen ähli biletleri telefonyňyzda saklamak mümkin.

Programmanyň Android telefonlary üçin niýetlenen görnüşini PlayMarket-den, iOS telefonlary üçin niýetlenen görnüşini App Store-dan ýükläp bilersiňiz

Hyzmatlardan peýdalanmak üçin onlaýn gollanmalar

Berýän hyzmatlarymyzdan peýdalanmagyň şertleri, düzgünleri we usullary hakyndaky wideo gollanma aşakdaky düwmelere basmak arkaly ýüzlenip bilersiňiz.

  • Online görnüşde demir ýol bonus kartyňyzyň hasabyny bilmek

    Gormek
  • Mobile programmalaryny peýdalanmak boýunça gollanma

    Gormek
  • Ýolagçy biletlerini onlaýn usulda satyn almak boýunça gollanma kitapçasy

    Download

Köp soralýan soraglar

Biletleriň bahasy, el we ýan goşlaryň düzgüni we elektron biletlerden peýdalanmagyň usuly hakynda ýolagçylarymyz tarapyndan köp soralan soraglaryň içinden esasylaryny jogaplary bilen size ýetirmegi makul bildik. Aşakdaky soraglardan we jogaplardan özüňize gerek maglumaty tapyp bilmedik ýagdaýyňyzda "+993 (12) 38 32 75" belgisine jaň etmek arkaly biziň bilen habarlaşyň!

  • Online tölegler

    8 question

  • Biletleri çalyşmak

    4 question

  • Biletleri yzyna gaýtarmak

    4 question

  • Gatnawlar we wagonlar

    7 question

  • Beýleki soraglar

    5 question

  • Altyn asyr töleg kartymyň CVC kodyny nireden alyp bilerin?

    Hormatly ýolagçylar siziň «Altyn asyr» töleg kartyňyzyň CVC kody kartyň arka ýüzünde görkezilen. Eger-de, siziň kartyňyzyň arka ýüzünde CVC kody ýok bolsa, kartyň degişli bankyna ýüz tutup bilersiňiz. 

  • Haýsy banklaryň kartlary boýunça tölegler kabul edilýär?

    Siz biletleriňizi «Altyn Asyr» töleg kartlary hem-de Senagat bank karty arkaly satyn alyp bilersiňiz. Ençeme banklar tarapyndan ulanylýan "Altyn asyr" plastik kartyndan töleg etmek üçin "Halkbank" awtomatiki usulda saýlanar.  Eger kartyňyz Senagat bankyna degişli bolsa, diňe şol ýagdaýda "Senagat bank" diýen öýjügi saýlaň.

  • Öz kartym bilen başga ýolagçylara bilet satyn alyp bilerinmi?

    Hawa. Islendik adam başga adamlaryň biletleri üçin onlaýn töleg amala aşyryp biler.

  • Töleg geçirmek düwmesine basanymda, töleg sahypasy açylmaýar.

    Töleg sahypasynyň açylmazlygynyň iň esasy sebäbi internet proksyňyzda näsazlyk bardygynyň alamaty. Şeýle hem ähli tölegleri diňe Türkmenistanyň çäginden amala aşyrmaga rugsat berilýändigi sebäpli töleg sahypasy açylman biler.

  • Bilediň tölegini telefondan TMCELL (Öýjükli aragatnaşyk) arkaly töläp bilýärinmi?

    Bilediň tölegini Öýjükli aragatnaşyk belgileri arkaly töläp bolmaýar. Onlaýn bilet üçin häzirki wagtda diňe Altyn Asyr Kartlary arkaly tölegler kabul edilýär.

  • Kart maglumatlaryny girizenimden soňra, "Call to bank" ýazgysy çykýar.

    "Call to bank" ýazgysy çykmagynyň sebäbi siziň kartyňyza SMS habarnama hyzmaty birikdirilmänligi sebäplidir. Siz SMS habarnama hyzmatyny "Türkmenbaşy" täjirçilik bankyna degişli bankomatlardan birikdirip bilersiňiz.

  • Online töleg geçirmek üçin, SMS habarnama hyzmaty birikdirilmelimi?

    Online töleg geçirmek üçin SMS habarnama hyzmaty hökman birikdirilen bolmaly. SMS habarnama hyzmatyny "Türkmenbaşy" DTB degişli bankomatlardan birikdirip bilersiňiz.

  • CVC kodyny telefon arkaly bilmek üçin haýsy maglumatlar gerekli?

    CVC koduny telefon arkaly bilmek üçin kartyňyzyň 16 belgili nomeri, kartyň eýesiniň at-familýasy we pasport belgisi gerekli. CVC koduny almazdan ozal, kartyňyza SMS habarnama hyzmatyny birikdirmegi hem ýatdan çykarmaň.

  • Ýolagçy maglumatlaryny ýalňyş girizilse düzetmek mümkinmi?

    Ýolagçy maglumatlary ýalňyş girizilse düzetmek mümkin däl. Emma, soralýan maglumatlarda 3-4 harp ýalňyşy bolan ýagdaýynda ýolbeletlere dil arkaly düşündirmek kabul edilýär. Eger-de bilediň bahasyna täsir ýetirýän ýalňyşlyklar( mysal üçin: uly adam ýerine çaga bilet) goýberilen ýagdaýynda siz bilediňizi kassada yzyna tabşyryp täze bilet almaly bolýarsyňyz.

  • Biledi başga bir ýolagçynyň adyna çalyşmak mümkinmi?

    Hiç bir biledi başga ýolagçynyň adyna çalyşmaga ýa-da başga ýolagçynyň ýol resminamalary bilen syýahat etmäge rugsat berilmeýär. Eger siz syýahatdan galyp, ýeriňize ýakynyňyz syýahat etmeli bolan ýagdaýynda kassalara ýüz tutup biledi yzyna tabşyrmaly we täze bilet ýazdyrmaly.

  • Satyn alynan bilediň senesini çalyşmak üçin näme etmeli?

    Häzirki ýagdaýda onlaýn satyn alynan bilediň senesini çalyşmaga rugsat berilmeýär. Ýeke-täk çözgüt alynan biledi kassalarda yzyna gaýtarmak we meýilleşdirilýän sene üçin täzeden bilet satyn almak bolup durýar.

  • Men pasport belgimi nädogry ýazypdyryn, düzediş girizmek mümkinmi?

    Pasport belgiňiz nädogry ýazylan ýagdaýynda düzetmek mümkin däl. Emma at-familýaňyz, doglan senäňiz resminamaňyz bilen doly gabat gelen ýagdaýynda ýolbeletlere ýagdaýyňyzy düşündirmegi ýatlaýarys. 

  • Biletleri yzyna gaýtarmak mümkünmi? Yzyna gaýtarylan biletlerden tutumlar nähili?

    Biletleri yzyna gaýtarmak mümkin. Yzyna gaýtarylan biletlerde tutumlar "Gidiş" we "Gaýdyş" biletlerine görä üýtgeýär.

    "Gidiş biletlerini" yzyna gaýtarmagyň şertleri:

    24 sagatdan öň tabşyrsaň: 
    - Ýol nyrhy we ätiýaçlandyryş nyrhy yzyna berilýär.
    - Hyzmatlar üçin alynan 3 manat we yzyna gaýtarmak üçin 5 manat ýygym tutulýar.

     

    6 sagatdan öň tabşyrsaň:
    - Ýol nyrhyndan 10% tutulýar.
    - Hyzmatlar üçin alynan 3 manat we yzyna gaýtarmak üçin 5 manat ýygym tutulýar.
    - Ätiýaçlandyryş nyrhy  yzyna berilýär.

     

    6 sagatdan az galanda tabşyrsaň:
    - Ýol nyrhyndan 25% tutulýar.
    - Hyzmatlar üçin alynan 3 manat we yzyna gaýtarmak üçin 5 manat ýygym tutulýar.
    - Ätiýaçlandyryş nyrhy yzyna berilýär.

     

    "Gaýdyş Biletlerini" yzyna gaýtarmagyň şertleri:

    3 günden öň tabşyrsaň:
    - Ýyl nyrhy we ätiýaçlandyryş nyrhy doly yzyna berilýär.
    - Hyzmatlar üçin alynan 3 manat we yzyna gaýtarmak üçin 5 manat ýygym tutulýar.

     

    3 günden az galanda tabşyrsaň:
    - Ýol nyrhyndan 25% tutulýar.
    - Hyzmatlar üçin alynan 3 manat we yzyna gaýtarmak üçin 5 manat ýygym tutulýar.
    - Ätiýaçlandyryş nyrhy yzyna berilýär.

  • Biletleri online yzyna gaýtaryp bolýarmy?

    Häzirki wagtda petekleri online web sahypdan we android ulgamy üçin programmadan (1.5.0 täzelenmeden başap) tabşyryp bolar. Geljekde ios ulgamy üçin hem goşular. Tabşyrmak üçin baş sahypada “Biletleri yzyna gaýtarmak” sahypasyna girmeli. (https://railway.gov.tm/refund) Sahypada bilet nomeriňizi girizmeli, “Indiki ädimde” altyn asyr kardyňyzyň hereket edýän möhletini girizmeli. “Yzyna tabşyrjak” düwmesini basanyňyzdan soň, Biletleri yzyna gaýtarmagyň şertlerine görä, ähli tutumlar göz öňüne tutular we tölegiňiz altyn asyr kartyňyza gaýtarylar. 1 günden 3 gün aralygynda size tölegiň gaýtarylandygy barada bankdan sms tassyknama geler.

  • VIP görnüşli biledi yzyna gaýtarylanda, ýygymlar nähili?

    VIP biletler yzyna gaýtarylanda adaty düzgünler boýunça yzyna gaýtarylýar. Şeýle hem VIP hyzmaty üçin alynan goşmaça 50 manat hem doly yzyna gaýtarylýar.

  • Biletleri nirede yzyna tabşyrmaly?

    Biletleri welaýat merkezleriniň we etrap merkezleriniň kassalaryndan yzyna tabşyryp bilersiňiz. Aşgabat şäherindäki ýolagçylar biletlerini Çoganlyda ýerleşýän Awtoulag terminalyndan tabşyryp bilersiňiz.  Aşgabat şäheriniň wokzalyndaky kassalar diňe otlynyň ugraýan güni biletleri yzyna alýar. 

    Biletleri yzyna tabşyrmak Üçin gerekli resminamalar:
    Yzyna tabşyrýanlygyň hakynda arza;
    Ýolagçynyň pasportynyň ýa-da dogulyş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi.

  • Internet ulgamynda bilet ýok bolan ýagdaýynda kassada bar bolup bilermi?

    Ýok. Sebäbi internet ulgamy we kassalar şol bir ulgama birikdirilen. Eger-de internet ulgamynda bilet tapmadyk ýagdaýyňyzda kassalara ýüz tutmak netijesiz. Eger-de kassalarda bilet ýok bolsa, onda internet ulgamyndan hem bilet tapyp bilmersiňiz.

  • Küpe, plaskart we SW wagonlaryň arasynda näme tapawut bar?

    Küpe wagonlarynyň her bölegi 4 ýolagçy (2 gatly orun) üçin niýetlenilen we her bölegiň koridora açylýan gapylary bar. Plaskart görnüşli wagonlarda her bölek 6 ýolagçy üçin niýetlenilen (3 gatly orun) we bölekleriň koridor bilen aralykda gapysy ýok.  SW wagonlar diňe 2 sany ýolagçy  üçin niýetlenilen we her bölegiň koridora açylýan gapylary bar. 

  • Gözleg netijesinde, bu ugurda gatnaw ýok diýýär.

    Online biletler 10 gün öňünden satlyga çykarylýar. Siz 11-nji gün üçin gatnaw gözlän ýagdaýyňyz bu ýazgy görkezilýär. Ýa-da ugran otlylar gözleg netijesinde görkezilmeýär. Mysal üçin otly 12:00-da ugraýan bolsa, siz hem şol gün üçin 12:30-da gatnawy gözlän ýagdaýyňyzda, onda bu ugurda gatnaw ýok ýazgysy görkezilýär.

  • Biletler näçe gün öňünden satlyga çykýar?

    Biletler internet arkaly 10 gün öňünden, kassalarda bolsa 5 gün öňünden satlyga çykýar.

  • VIP wagonlarda syýahat etmegiň biledi adaty biletlerden näçe tapawutlanýar?

    VIP wagonlaryň bilet bahasy adaty Kupe wagonlaryň bahasynyň üstüne 50 manat VIP hyzmat bahasy alynyp hasaplanýar.  

  • VIP görnüşli wagonlarda nähili nahar hödürlenýär?

    VIP wagonlarda 2 görnuşli nahar, täk we jübüt günlere görä uýgeýär. Täk günler: Towuk sote we tüwi; Jübüt günler- Et sote we greçka. Şeýle hem hemişe berilýän iýmitler: Bulka çörek, buhanka çörek, bişirilen köke, miwe suwy, şöhlat, peýnir, ter salat, hyýar, pomidor, gök ot, mesge ýagy, ketçup, maýonez, burç we duz.

  • VIP görnüşli wagonlarda ýokary hilli ak ýapynja nämeler degişli?

    Ýokary hilli ak ýapynja prostyn, pododeýalnik, ýassyk daş (nawylyçka), mata süpürgiç (plotensa), ýassyk, weşelka, adeýal, 1 sapar ulanmak üçin mata şlýopkalar degişli.

  • Çagalar üçin bilet tölegsizmi?

    Her uly adam öz ýanynda 5 ýaşa çenli bir çagany tölegsiz alyp gitmeklige hukugy bar. Eger ýanyndaky çaga sany birden kän bolan ýagdaýynda, beýleki çagalar üçin "Çaga" nyrhnamasy arkaly bilet almaly. Ýöne ýanyňyzdaky çaga tölegsiz bolan ýagdaýynda hem, bilet alanyňyzda öz ýanyňyz bilen çaganyň hem syýahat edýändigini beýan etmeli. Eger-de ýanyňyzda syýahat edýän çaga 5-10 ýaş aralygynda bolsa, onda her çaga üçin aýratynlykda "Çaga" nyrhnamasyndan bilet almaly. 10 ýaşdan uly çagalara doly bahadan bilet almaly.

  • Internet arkaly alynan elektron biletiň we kassadan alynan biletiň arasynda tapawut barmy?

    Internet arkaly ýa-da kassadan alynan biletleriň ählisi şol bir güýje eýe. Internet arkaly ýa-da kassada satylýan biletleriň nyrhlary hem birmeňzeş. 

  • Ýolagçy ýany bilen näçe kilogram goş äkidip biler?

    Her ýolagça ýany bilen 100 kg çenli goş äkitmäge rugsat berilýär. Ýanyňyzdaky goş 100 kg geçen ýagdaýynda ýük goşlary hökmünde  hasaplanýar. 100 kg geçýän ýük bilen syýahat eden ýagdaýyňyzda syýahatyňyzdan öň ýük gatnawlary bölümine ýüz tutuň. Ýanyňyz bilen alyp gidýän goşlaryňyzyň her biriniň ölçegi 100x30x50 santimetrden geçmeli däl.

  • Kassadan ýa-da Internet arkaly alynan Elektron biletleri ulanmagyň düzgünleri nähili?

    Internet arkaly alan bilediňizi kagyza çap etmek hökmanydyr. Kassalardan bilet alanyňyzda bilediňiziň çap edilen görnüşi size beriler. Bilediňizi haýsy şahsyýeti anyklaýan resminama arkaly alan bolsaňyz (pasport, doguluş hakynda şahadatnama, harby bilet) şol resminama bilen birlikde bilediňiziň çap edilen nusgasyny syýahatyňyz gutarýança ýanyňyzda saklamaly. Elektron bilediňiziň ýörite skaner arkaly hakykylygy barlanýanlygy sebäpli doly okaljak görnüşde çap etmegiňizi we zeper ýetirmezligi size ýatladýarys.

  • Ýolagçylaryň we el goşlaryň hasaba alynyşygy näçe wagt öňünden başlanýar?

    Syýahatyňyzyň başlaýan wagty siziň elektron bilediňizde görkezilen. Ugramaly wagtyňyzdan iň azyndan 45 minut öňünden görkezilen wokzalyň ýada stansiýanyň ugraýan ýolagçylar bölüminde bolmagyňyzy ýatladýarys.