3 Fewral, 2024
“Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasynyň Etrek ýükleýiş-düşüriş howlusy

Türkmenistan ýurdumyz eksport kuwwatyny barha artdyrmak bilen daşary döwletlere, ýagny Ýewropa ýurtlaryna, has takygy Türkiýe döwletine dökün ýüklerini eksport etmek bilen dünýä tanadýar. Bu eksport mukdaryny artdyrmakda hem, “Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasynyň Etrek ýükleýiş-düşüriş ýük howlusy öz goşandyny goşýar. “Garabogazkarbamid” zawodyndan awtoulag arkaly Etrek ýük howlusyna paýdarymyzyň 20-nji şahamçasy bilen ýurdumyzyň ýerli kärhanasy bolan “Dowamly ýol” HJ-i bilelikde28 awtoulag arkaly 700 tonna karbamid ýüki getirilip, türk wagonlaryna ýükleme-düşürme işleri amala aşyryp, Türkiýe döwletiniň Wan şäherine ugradyldy. Ýakyn geljekde 3 müň tonna çenli ylalaşylyp, eksport etmek meýilleşdirilýär.