16 Aprel, 2024
«Sigis» ekspeditorçylyk kompaniýasynyň wekili: Türkmenistan geljekde ýük akymyny giňeltmäge şert döretjek ulag geçelgelerini ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýelik edýär

Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi dowam edýär.
Maslahata gatnaşýan «Sigis» ekspeditorçylyk kompaniýasynyň (Latwiýa) wekili Wladislaw Sidorow ulag pudagynyň Latwiýada hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi.
— Siziň myhmansöýerligiňiz bizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bize Aşgabatdaky forumda işlemek, dynç almak we owadan ýurduňyz bilen tanyşmak üçin amatly şertler döredildi. Ak mermerli Aşgabadyň gözelligi, türkmen halkynyň myhmansöýerligi we hoşniýetliligi haýran galdyrýar.
Forumyň ikinji güni hem ýokary derejede geçýär. Uzak wagt bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň düzümindedigimizi bellemek isleýärin. Bu forumyň işine gatnaşmak biziň üçin diýseň möhüm. Kompaniýamyzyň demir ýol ulaglary ugrundaky işleri Ýewraziýa bilen halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilendir. Biz Ýewropanyň günbatar kompaniýalary, Gündogardaky hytaý kompaniýalary, şeýle hem Merkezi Aziýa, Kawkaz we Russiýa ýaly sebitlerde ýerleşýän köp sanly kompaniýalar bilen işleşýäris.
Ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek diňe bir kompaniýamyz üçin däl, Latwiýa döwleti üçin hem iň möhüm meseleleriň biridir. Işimiziň geljegi uly ugurlarynyň arasynda täze bazarlara we aýratyn gyzyklanma döredýän Türkmenistanyň ýerleşýän sebiti bolan Merkezi Aziýa möhüm orun degişlidir.
Türkmenistan geljekde ýük akymlaryny giňeltmäge şert döretjek ulag geçelgelerini ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýelik edýär. Şonuň üçin hem, bu ugurda Türkmenistan bilen, esasan hem, «Turkmendemiryollary» agentligi bilen hyzmatdaşlyk uly gyzyklanma döredýär. Biziň hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama baglaşandygymyzy we türkmen demir ýolunyň merkezi bilen maglumat alyşmak boýunça işleýändigimizi bellemek isleýärin. Çünki türkmen demir ýoly kämil derejede utgaşdyrylan netijeli işi bilen tapawutlanýar.
Biziň dürli döwletler bilen işlemekde uly tejribämiz bar. Şunuň esasynda hem, türkmen kärdeşlerimiziň özara gatnaşyklara çynlakaý garaýşyny bellemek diýseň ýakymly. Munuň özi has gowy hyzmatdaşlygy görkezýän ajaýyp çemeleşme. Biziň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk boýunça uly geljegimiz bar. Kompaniýamyz internet tehnologiýalary ulgamynda, aýratyn hem, ulag we demir ýol kompaniýalary üçin birnäçe çözgütleri hödürläp biler.