16 Aprel, 2024
«Demirýol» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekili: Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebäp äheňde dikeldilýändigi ýurdumyzda ulag diplomatiýasynyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär

Şu günler paýtagtymyzda dowam edýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisinde pudagyň ähmiýetli meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Ähmiýetli foruma gatnaşyjylar çäräniň demir ýol pudagyny ösdürmekdäki halkara ähmiýetine diýseň ýokary baha berýärler. Mejlise ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň wekilleriniň hem birnäçesi wekilçilik edýär. Foruma türkmen tarapyndan gatnaşýan «Demirýol» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň aragatnaşyk we elektrik üpjünçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy Perman Allamyradow çäräniň ähmiýeti barada şeýle gürrüň berdi:
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylynyň her bir güni bir taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň bir şahasy bolan demir ýol pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň demirýol pudagynyň maddy tehniki binýady berkidilýär.
Bu gün bolsa paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi geçirilýär. Bu mejlisde ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň ösüşiniň halkara arenasyndaky orny giňişleýin beýan edildi. Mundan başga-da, ulag-aragatnaşyk meselelerinde geljekde amala aşyrylmaly işler barada pikir alşyldy. Häzirki wagtda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täze döwrebäp äheňde dikeldilýändigi ýurdumyzda ulag diplomatiýasynyň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Muňa mysal hökmünde «Tejen — Sarahs — Maşat», «Kerki — Ymamnazar — Akina» demir ýollaryny hem-de «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» halkara demir ýoluny görkezip bolar.
Biz ulgamyň mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.