15 Aprel, 2024
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň wekilleriniň XXXVIII mejlisiniň birinji güni jemlendi

Paýtagtymyzda badalga berlen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň birinji güni öz işini tamamlady.
Türkmenistanda geçirilýän iri çäre 22 ýurduň — Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, KHDR-niň, Koreýa Respublikasynyň, Laosyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Estoniýanyň, Latwiýanyň, Polşanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň hem-de ýurdumyzyň wekiliýetlerini jemledi.
19-njy aprele çenli dowam etjek forum «Ýyldyz» myhmanhanasynyň konferes-zalynda geçýär. Birinji günüň çäginde wekiliýetler demir ýol hereketiniň infrastrukturasy we gurluşy, şu ugurda karzlar bilen bagly meseleleri çözmegiň mehanizmleriniň arasyndaky özara hasaplaşyk tertibi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň nobatdaky günlerinde sebitde demir ýol ulaglaryny ösdürmekdäki möhüm meseleler boýunça goşmaça ara alyp maslahatlaşmalar guralyp, çözgütler kabul ediler. Munuň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyna garaşylýar.