10 Aprel, 2024
Türkmen-özbek umumy serhedi kesgitlemek boýunça Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistan we Özbegistan iki ýurduň arasyndaky Döwlet serhedini kesgitlemek boýunça Höküetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi meýilleşdirýär.
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, 1 — 7-nji aprel aralygynda Nukus şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda Döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek Hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi aýly, duşuşyk däp bolşy ýaly, dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.
Ýeri gelende, taraplaryň bu mesele boýunça hukuk we tehniki resminamalaryň taslamasyny taýýarlamak we tassyklamak işini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýandyklaryny bellemek gerek.