5 Aprel, 2024
Türkmenabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen “Klemman Hellas S.A” hasaba alnan belgisi №лэ-063, zawod belgisi №17j02031/kl6001655-1 eskalatoryna gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
1. tutalganyň lentasy (лента поручня) — 6 (alty) sany;
2. antistatiki rolik (антистатическое роликовое устройство) — 12 (on iki) sany;
3. friksion tigir (фрикционное колесо) — 6 (alty) toplum;
4. hereket okaýjy datçik (считывающий датчик) — 3 (üç) toplum;
5. gönükdiriji rolik (направляющий ролик) — 24 (ýigrimi dört) sany;
6. ýardam beriji rolik (поддерживающий ролик) — 12 (on iki) sany;
7. eskalator üçin ýokarky basgançakdaky datçik — 2 (iki) sany;
8. tutalganyň şkifi (шкиф поручня) — 2 (iki) sany;
9. basgançaklar (ступеньки) — 7 (ýedi) sany.
Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:
1. kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
2. kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
3. bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;
Bildiriş berlen gününden açyk bäsleşige teklipler 1 (bir) aýyň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 (422) 9-46-78
+993 (422) 9-47-03
Elektron salgysy:
turkmenabat.airport.int.dep@gmail.com
Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi