5 Aprel, 2024
Sagatda 450 km tizlige ukyply CR450 otly.

Demirýol habarlar portalynyň habar bermegine görä, sagatda 450 km tizlige ýetmäge ukyply CR450 otly, Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýol ulgamynda 2025-nji ýylda işe giriziler.
Muny Hytaý demir ýol geňeşiniň başlygy Liu Zhenfang mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, şu ýyl bu ýokary tizlikli otlynyň prototipini tamamlap, synagdan geçirip başlamak meýilleşdirilýär.
CR450 Hytaýyň “Fuxing” ýokary tizlikli otly seriýasynyň soňky modeli bolar.
Otly düziminiň gurluş tizligi sagatda 450 km bolar, bu öňki CR400 modeliniň iň ýokary tizliginden 50 km / sag ýokarydyr.
Şeýle tizlige ýetmek üçin aerodinamikada innawasion çözgütler, energiýa tygşytlaýjy dguluşlar, täze izolýasiýa materiallary we hemişelik magnit çekiş ulgamlary gerek bolar.
Hytaý demir ýol geňeşiniň başlygy tehnologiki innowasiýalaryň täze pudaklary, täze önümleri döretmek we ykdysadyýeti höweslendirmek üçin möhümdigini aýtdy.
Bu täze hiliň öndürijilik güýçlerini ösdürmegiň esasy elementidir. Häzirki wagtda täze otlynyň dgurluşynda ulanmak üçin niýetlenen aýratyn kiçi ulgamlar CR400BF-J synag otlusynda synagdan geçirilýär. 2022-nji ýylyň aprelinde Zhengzhouou-Jinan liniýasynda bu modeliň iki otlusy ters tarapa hereket edip, sagatda 435 km (sagatda 870 km / sag) tizlik bilen dünýä rekordyny goýdy.
Photo: China Daily