3 Aprel, 2024
«Russiýanyň demir ýollary» girdejisi boýunça taryhy netije gazandy

«Russiýanyň demir ýollary» holdingi 2023-nji ýylda 3,017 trln ₽ möçberde girdeji aldy we bu ugurda taryhy rekord goýdy. Bu barada «RDÝ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ýolbaşçysy — baş direktory Oleg Belozerowyň belländigini «ТАСС» habar berýär.
— Biz girdeji babatda rekord görkezijä eýe bolduk — 3,017 trln ₽. Bu sanlar nämäni aňladýar? Ähli zatdan öň demir ýollaryň işine zerurlygyň bardygyny belleýärler. Elbetde, biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanmak isleýän ýük ugradyjylaryň we ýolagçylaryň sany has-da artýar» — diýip, Belozerow belledi. Şu ýylyň mart aýynyň başynda kompaniýa Russiýanyň buhgalter hasaby boýunça standarty babatdaky netijelerini çap etdi. Şol ýerde «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2023-nji ýyldaky girdejisiniň 2,609 trln rubl bolandygy habar berildi: ösüşiň derejesi 16,4%.
Ýeri gelende ýatlasak, «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2024-nji ýyldaky ýükleme çaklamasy 1265,4 million tonna bolup, munuň özi meýilnamadan 1,7% ýokarydyr.