31 Ýanwar, 2024
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kuala Lumpur şäherine uçuşyň biletine arzanlaşyk yglan edýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpur şäherine amala aşyrýan ýolagçy gatnawyna arzanlaşyk yglan edýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 15-den mart aýynyň 30-na çenli ýerine ýetiriljek Aşgabat - Kuala Lumpur - Aşgabat ugry boýunça awiabiletlere arzanladyş yglan edilýär» diýlip, habarda bellenilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kuala Lumpur şäherine hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri, yzyna Aşgabada bolsa çarşenbe we penşenbe günleri uçuşlary amala aşyrar. Türkmenistandan Malaýziýa uçmak üçin gidiş biletiniň bahasy 3972.5 manada, gaýdyş bileti – 3993.8 manada deň bolar. Şeýlelikde, uly ýaşly ýolagça syýahat emek üçin awiabiletiň umumy bahasy iki tarapyna 8 müň manada hem ýetmez.