1 Fewral, 2024
«Türkmendemirýollary» agentliginde türkmen-rus duşuşygy geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde Russiýa Federasiýasynyň “РЖД” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekiliýeti bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmenleriniň halkara derejesindäki duşuşygy boldy.
Duşuşykda iki döwletiň arasynda halkara ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek şol sanda, demirgazyk-günorta ugry boýunça ýük gatnatmalaryny ösdürmek barada derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy:
- ikitaraplaýyn ylalaşylan taslamalar tapgyrlaýyn işe girizmek şol sanda: Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak, Aşgabat-Arkadag şäherleriniň arasynda elektrikleşdirilen demir ýoluny gurmak we bu aralykda ýolagçy-ekspress otlusyny ýola goýmak, logistika ulgamyny ösdürmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, Russiýa Federasiýasynyň “РЖД” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanda açylan wekilhanasy we türkmen demirýolçularyny “РЖД”-niň Demir ýol uniwersitetinde okatmak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar iki döwletiň demir ýol edaralarynyň arasynda bähbitli işleriň ýerine ýetirilýändigini, geçen 2023-nji ýylda eksport we import ýükleriniň köp mukdarlarynyň daşalandygy barada nygtadylar. Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti türkmen tarapyna Türkmenistanda “РЖД”-niň wekilhanasyny açmaklyga uly ýardam berenligi üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Şeýle-de, Russiýa tarapy Türkmenistanyň teklibi boýunça Aşgabat-Arkadag şäherleriniň arasynda elektrikleşdirilen demir ýoly gurmak we onda ýolagçy-ekspress otlusyny ýola goýmak boýunça Arkadag şäheriniň häkiminiň tekliplerine seredilenligi we bu taslamalar barada degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Şeýle hem, Türkmenistanda demir ýol hyzmatlaryny ösdürmek boýunça taýýarlanan taslama işlerini we degişli şertnamalary işe girizmeklige taýýardyklaryny nygtadylar. Bu baradaky möhüm resminamalary diplomatiki ýollar arkaly öz kärdeşlerine ýetirjekdiklerini aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy golaý wagtda Russiýanyň Demir ýol uniwersitetinde okajak hünärmenler barada maglumatyň iberjekdiklerini hem bellediler we duşuşygyň netijesi boýunça degişli ikitaraplaýyn teswirnama gol çekildi.