31 Ýanwar, 2024
Berkarar döwletimiziň demir ýol ulaglary pudagy durnukly ösüşleri nazarlaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçen ýylyň uly üstünliklerinden badalga alan, 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek boýunça giň gerimli işlere aýdyň ýollar açyldy. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurlup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň netijesinde «Türkmendemirýollary» agentliginde alnyp barylýan birnäçe gaýragoýulmasyz işler özüniň oňyn miwesini berýär. Ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak hyzmatlary gün-günden artýar we barha ýokarlanýar. Ýokary tehnologiýalaryň ösen eýýamynda bu pudak hem döwrüň talaplaryna laýyk tehnikalary ornaşdyrmakda we halkymyza hödürlemekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Şonuň bilen birlikde, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady ýylsaýyn häzirki zaman enjamlarynyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar. Bu ugurda aýratyn-da, ulag ulgamynyň ýük we ýolagçy gatnawlaryny üpjün etmekde özboluşly orna eýe bolan demir ýol ulaglarynyň düzümi barha artdyrylýar. Munuň şeýledigini ýurdumyza täze getirilýän ýolagçy hem ýük teplowozlary tassyklaýar. Russiýa Federasiýasyndan TEP70BS kysymly ýolagçy teplowozynyň, 2TE25KM kysymly ýük teplowozynyň, Hytaý Halk Respublikasyndan CKD9A görnüşli ýük teplowozlarynyň gelip gowuşdy. Hytaýyň «CRRC Ziyango Co» zawodynda öndürilen bu teplowozlar ýük çekijilik kuwwaty bilen aýratyn tapawutlylyga eýedir.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, türkmen harytlarynyň dünýäniň ähli künjeklerine ykdysady taýdan bähbitli ugurlar bilen aralaşmagynda, içerki bazarlarymyzyň daşary ýurt önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde demir ýol ulaglary pudagynyň ähmiýeti örän uludyr. Şol nukdaýnazardan, bu ulgamy täze belentliklere götermek ýurdumyzyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir.
Adamzat ykballarynyň ösüşine uly täsir eden dost-doganlyk ýol häzirki wagtda-da dünýäniň ykdysady giňişliginde-de ýurdumyzy barha rowaçlyklara atarýar. Gadymy kerwen ýollarynyň geçen ugrunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, milletleri biri-birine ýakynlaşdyrýan, medeni gatnaşyklary ýola goýýar we parahatçylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen halkara gatnaşyklary üstünlige rowaçlandyrýar.