26 Mart, 2024
Hytaýda sürüjisiz awtoulaglar üçin ilkinji ýol açyldy

Hytaýda sürüjisiz awtoulaglar üçin ilkinji ýol açyldy diýip, «24KZ» habar berýär. Onda synag düzgüniniň çäklerinde hereket açyldy. Awtoban «5G-Advanced» aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilendir, ol islendik howa şertlerinde ýol hereketiniň şertlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Uzynlygy 205 kilometr bolan ýol Şanhaýyň täze Pudun etrabynda ýerleşýär. Ony işewürlik maksady bilen ulanmak üçin 30 kompaniýa rugsat berildi. Olar häzir ýolda 800 töweregi sürüjisiz ulaglary synagdan geçirýärler.