31 Ýanwar, 2024
«Türkmenpoçtanyň» «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmatynyň gerimi giňeýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär. Bu çaparçylyk hyzmatynyň türkmenistanlylaryň ünsüni çekýän esasy aýratynlygy bolsa onuň köp sanly peýdaly taraplary bilen bagly:
- oňaýlylygy we wagt tygşytlamagy: munda ýollamany ugratmak ýa almak üçin müşderiniň ýörite poçta bölümine gitmek zerurlygy ýokdur. Çapar ýollamany iberijiden alyp, kabul edijä gowşurýar.
- ýüküň howpsuzlygynyň kepilligi: kompaniýanyň çaparlary ýörite taýýarlyk geçýärler we ýüküň howpsuz eltilmegine jogap berýärler.
- goşmaça hyzmatlary almak mümkinçiligi.
«Türkmenpoçtanyň» «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmaty ýollamany tiz we özüne oňaýly wagtda ibermek ýa almak isleýän ähli adamlar üçin niýetlenendir.
Çapary çagyrmak üçin bolsa kompaniýanyň web saýtyndan, (+993 12) 92 14 95 telefon belgisinden ýa-da «Çapar» mobil goşundysyndan peýdalanyp bilersiňiz.
«Çapar» mobil goşundysyny «Google Play» we «App Store» internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar.