21 Mart, 2024
NOWRUZ GELDI DIÝARA

Her ýyl bahar paslynyň gelmegi bilen meýdanlary ýaşyl dona büräp, al-elwan güllere besläp gelýän Nowruz baýramyny halkymyz uly şatlyk bilen garşy alýar.
Nowruz baýramy özüniň taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Bu baýramyň aýratynlyklary barada oguz ýaşaýyş durmuşyndan söhbet açýan «Oguznama» eserinde, «Asly – Kerem», «Zöhre – Tahyr» dessanlarynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Söz ussady Magtymguly hem ýygy-ýygydan bu tema ýüzlenipdir. Dana akyldar:
Gökde ýyldyz hormaty,
Ýerde Nowruz hormaty
– diýip, oňa adamzat nesliniň uly hormat goýýandygyny beýan edipdir.
Nowruz baýramy hakynda giň maglumatlar Gündogaryň beýik danasy Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinde jemlenýär. Eserde Nowruzda bugdaý sünbülleriniň dik we endigan ösmeginiň şol ýylyň hasylly boljakdygynyň alamatydygy hakynda pikir ýöredilýär.
Halk paýhasy — dürdäne. Onda many alarlyk köp zatlar jemlenýär. «Nowruzda ýagyş-ýagmyr kän ýagsa, ekinler gowy biter, bolçulyk bolar, Nowruzda ýagyş geçiň şahyny ezse, ýyl gowy geler, ene ýer suwdan ganar, hasyl bol bolar» diýen yrym-ynançlar dilden-dile geçip gelipdir.
Nowruz — myhmansöýerligiň baýramy. Bu baýram günleri goňşy-golam, dogan-garyndaş biri-biri bilen ýakyndan görşüp, bir saçagyň başynda jemlenýärler. Baýrama gelenleri ýaňy maýsalan bugdaýdan semeni taýýarlamak, dürli tagamlary bişirmek, birek-birege hödür etmek, dürli milli oýunlary oýnamak ýaly däp-dessurlar halkymyzyň ruhuny belende göterýär.
Nowruz baýramy umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan orny bimöçberdir. 2016-njy ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan Nowruz baýramynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy.
Goý, şadyýanlygyň, agzybirligiň, jebisligiň baýramy bolan Nowruz baýramy ýurdumyza şowhun-şagalaň bolup gelsin! Baýramlarymyzyň, toýlarymyzyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!