17 Mart, 2024
Türkmen içisi Özbegistanyň milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistanyň “Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty” milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory B.Mirzaýew bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, 14-nji martda geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda B.Mirzaýew özüniň ýolbaşçylyk edýän uniwersiteti barada gürrüň berip, halkara derejesinde gazanan üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy.