15 Mart, 2024
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri ýurdumyzda mart-aprel aýlarynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada gatnaşýarlar

Şu gün, 15-nji martda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilýän sport çärelerine gatnaşdylar.
Aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri bilen sportuň birnäçe görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara gatnaşyp, ilkinji orunlara mynasyp boldular.
Ýurdumyzda özleri barada edilýän hemmetaraplaýyn aladalary doly duýýan ýaşlarymyz geljekde sagdyn, erjel we maksada okgunly ýaşlary kemala getirmek babatynda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.