13 Mart, 2024
Täsirli gurnalan sergi

2024-nji ýylyň mart aýynyň 1-7-nji aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynynda fakultetleriň kafedralarynda hereket edýän ylmy gurnaklaryň arasynda sergi geçirildi. Bu sergide ylmy gurnaklaryň agzalary özleriniň ýerine ýetiren işleri boýunça çykyş etdiler.
“Infokommunikasiýa tehnologiýalary” kafedrasynda hereket edýän ylmy gurnagyň agzalary radioiberiji we kabul ediji, multiwibrator, biosignalizasiýa, tranzistor-açar, tranzistor-güýçlendiriji, pes kuwwatly tranzistorlaryň we diodyň parametrlerini ölçemek ýaly işleri boýunça çykyş etdiler. Talyplar bu gurluşlaryň shemalaryny ýygnap, olaryň iş prinsiplerini düşündirdiler.
“Elektrotehnika we elektronika” kafedrasynda hereket edýän ylmy gurnagyň agzalary elektron howpsuzlyk ulgamlarynyň ýangyn howpsuzlyk ulgamynyň, wideogözegçilik ulgamynyň taslamalaryny işläp düzmek we senagat elektronikasynda öndürilýän elektron enjamlar esasynda birnäçe taslama işleri ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdiler.
“Radioaragatnaşyk we radiotehniki ulgamlary” kafedrasynda hereket edýän “Ykjam simsiz tehnologiýalar” atly ylmy gurnagyň agzalary aragatnaşygyň radiotehnologiýalary hususanda hereketli radioaragatnaşykda, hemra aragatnaşyk, telegörkeziş we radioeşitdiriş ulgamlarynda ulanylýan tehnologiýalar we enjamlar barada talyplara nazary we amaly düşünjeleri bermekden, radioölçegleriň esaslaryny öwretmekden hem-de ýönekeý radiogurluşlary barlamak, ýygnamak we sazlamak endikleri öwretmekden durýandygy barada gürrüň berdiler.
“Maglumat ulgamlary” kafedrasynda hereket edýän ylmy gurnagyň agzalary “Sap menýu” atly elektron menýu, “TM СTF” atly ýaryş meýdançasy, howa ýollarynyň işgärler bölüminiň işini awtomatlaşdyrmak üçin taýýarlanan web sahypa “Howa ýollar” filmlere, teleseriallara we multifilmlere tomaşa etmek üçin döredilen özboluşly platforma “Seret” atly web sahypasy, edaranyň içki lokal torlary, habar, faýl alyş-çalyş web saýty, çykgynsyz ýagdaýda ilata kömek etmek üçin niýetlenen platforma “Disaster Response” atly taslama, “Hassahana dolandyryş ulgamy”, programmany döretmek üçin serişdeler barada çykyş etdiler.
“Fizika” kafedrasynyň uly mugallymy Öwezmyradowa Gözeliň ýolbaşçylygynda “Fizika” kafedrasynda hereket edýän ylmy gurnagyň agzasy Babajanow Atabek “Fotometriýa” bölüminiň nazary soraglaryny öwrenip, ýagtylygyň dürli çeşmelerini barlamakdan we olaryň fotometrik parametrlerini kesgitlemekden, bu ýagtylyk çeşmeleriniň ykdysady effektiwligini kesgitlemekden, bu lampalaryň parametrlerini sanitar kadalar bilen deňeşdirmekden, şeýle lampalaryň ýagtylandyrylyşynda işiň çeýeligini kesgitlemekden, ýagtylandyrylyşyň indikatoryny döretmekden ybaratdygyny, “Fizika” kafedrasynyň uly mugallymy, h.y.k. Berdiýewa Ejegüliň ýolbaşçylygynda Çaryýarow Abraý Garabogaz köl önümçiliginiň ösüşiniň geljegi barasyndaky maglumatlar, şeýle hem önümçilikde magniý gidroksidiniň alnyşy web sahypasy arkaly sanlaşdyrmakdan ybaratdygyny, “Fizika” kafedrasynyň mugallymy Şyhyýewa Maralyň ýolbaşçylygynda Pirow Rahym himiki elementleriň periodiki sistemasy web-sahypa görnüşinde taýýarlanyp, açyk görnüşde gurnalyşy, belli bir element saýlananda onuň fiziki we himiki häsiýetlerini, ýagny tertip belgisini, hataryny, elektrootrisatelligini, okislenme derejesini, ereme we gaýnama temperaturalaryny, reňkini, näçinji ýylda we kim tarapyndan açylandygyny görüp bolýandygyny, web-sahypa himiki elementleriň häsiýetlerini öwrenmekde ýeňillik döretjekdigi barada gürrüň berdi.
“Ykdysadyýet we amaly informatika” kafedrasynda hereket edýän ylmy gurnagyň agzalary Aragatnaşyk agentliginiň kärhanalarynyň ykdysady görkezijileriniň, Aragatnaşyk agentliginiň kärhanalarynyň poçta aragatnaşygy boýunça zähmet haky gaznasynyň, aragatnaşyk agentliginiň kärhanalarynyň poçta aragatnaşygy boýunça peýdasynyň seljermelerini, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “AHAL TELEKOM” WEAK-nyň ykdysady görkezjileriniň derňewini, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” PAK-nyň garaşylýan esasy maliýa ykdysady görkezjileriniň meýilnamada bellenilen görkezjileriniň hakyny görkezjiler deňeşdirilende ýerine ýetirilişini görkezip giňişleýin düşündirdiler.
“Kompýuter ylymlary” kafedrasynda hereket edýän ylmy gurnagyň agzasy Aşyrgeldiýew Dawut “Online Lukman” programma üpjünçiligi barada çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösüşine goşant goşmak, ilkinjileriň hatarynda sanly lukmançylyk portalyny teklip etmek, sanly lukmançylygy ýola goýmak we ösdürmek, keselleri anyklamak, kagyz resminamalaryny azaltmak, 80%-e çenli takyklyk bilen keselleri anyklaýan elektron ulgamy döretmek, islendik adamyň keseller baradaky maglumatlary, ýüze çykýan ýagdaýlary, olaryň öňüni almak üçin geçirilmeli çäreler bilen tanyşmagyny gazanmak, bejergisini anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýän internet programmasyny döretmek, lukmanlaryň tejribesini ösdürmek üçin maglumatlar toplumy, lukmanlaryň ýakyn maslahatçysy bolup, hyzmat etmegi, keseli anyklamak bilen çäklenmän, dermanlary we olaryň ulanylyşyny yhtybarly çeşmelerden peýdalanyp, doly we dogry ýerleşdirmek, dermanlyk ösümlikler bölüminde bolsa, her bir keseliň alamatlaryna görä bejeriji ösümlikleri ýerleşdirmek barada giňişleýin düşündirdi. Soňra ol “Auksion TM” programma üpjünçiligi barada eden çykyşynda “Auksion TM” programma üpjünçiligini doly durmuşa geçirmek, bank kartlarynyň üsti bilen söwda etmek, Auksion görnüşli söwdany ösdürmek barada gürrüň berdi.
Ähli çykyşlarda getirilen amaly we tehnologiki barlaglaryň netijeleri gelejekde maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary ugurlaryny ösdürmeklige gönükdirilendir.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda dünýäniň ösen maglumat, aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalarynyň tejribesiniň we innowasiýalarynyň esasynda milli ykdysadyýetimizi hem-de bilim ulgamymyzy döwrebaplaşdyrmak işleri giň gerim bilen alnyp barylýar.
Ýurdumyzda aragatnaşyk pudagyny ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny giňden hem-de netijeli ulanmaga, ykdysadyýeti sanlaşdyrmaga, jemgyýetiň ylmy we inžener-tehniki mümkinçiligini düýpli özgertmäge möhüm ähmiýet berilýär.