11 Mart, 2024
Türkmenistanda 500-e golaý maşgala niýetlenen täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň çäklerinde Aşgabatda we welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli, 7-8-nji mart günlerinde Türkmenistanda täze ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi.
7-nji martda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleriň birnäçesine «akylly» jaýlardan öýleriň açarlary gowşuryldy.
Şol gün Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 2 sany 5 gatly, 40 öýli, şeýle hem Büzmeýin etrabynda 1 sany 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy.
8-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde bir sany 4 gatly, 64 öýli täze ýaşaýyş jaýynda öý eýelerine açarlary gowşurmak dabarasy boldy.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde iki sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi.
Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezindäki A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda dört sany 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy guraldy.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň we Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Şypaly şaýolunyň ugrunda-da şeýle dabaralar geçirildi. Bu ýerlerde, degişlilikde, üç sany 4 gatly, 24 öýli we bir sany 4 gatly, 32 öýli, bir sany 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy boldy.
Şeýlelikde, iki günüň içinde Türkmenistanyň dürli künjeklerinde jemi 500-e golaý maşgala niýetlenen täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi.
https://turkmenportal.com/tm/blog/75152/turkmenistanda-500e-golay-mashgala-niyetlenen-taze-yashayysh-jaylary-achyldy