6 Mart, 2024
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi baýramçylyk çäresini geçirdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň görki Siz, bagtyýar zenanlar” ady bilen “Çarlak” myhmanhanasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şeýle hem milli medeni gymmatlyklarymyz boýunça hem sergi guraldy.
Oňa “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň we paýly gatnaşýan paýdarlar jemgyýetleriniň gelin-gyzlary gatnaşdy. Çärede Türkmenbaşy şäher Medeniýet bölüminiň sungat işgärleriniň aýdym-sazly, folklor çykyşlary täsirli bolup, baýramçylyk çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.Çäräniň dowamynda gelin-gyzlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.