5 Mart, 2024
“Demirýollary” AGPJ Halkara zenanlar gününine bagyşlanan çäre geçirdi

Toýlary toýa ulaşýan eziz ýurdumyzda ýene-de bir şanly baýramçylyk Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmäge bagyşlanan çäreler yzygiderli guralýar. Şeýle çäreleriň biri 4-nji martda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Mejlisler jaýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda geçirildi.
Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlarynyň bardygyny bellediler. Şonuň bilen birlikde Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändikleri-de nygtaldy.
Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de ,,Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal - gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlaryna we zenan mugallymlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy.