4 Mart, 2024
Indoneziýada iň uly port açyldy

Jakartadaky Tanjung portundan soň ýurduň ikinji uly porty bolan Günorta Sulawesi şäherindäki täze Makassar portunyň gurluşygyna 5,4 trillion indoneziýa rupiýasy (takmynan, 345 million dollar) maýa goýuldy.
– Indoneziýanyň gündogarynda ýerleşýän bu iri portuň içerki logistika çykdajylaryny azaldyp biljekdigine umyt edýäris – diýip, Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo täze portuň açylyş dabarasynda aýtdy. Şeýle-de, Widodo milli we halkara derejesindäki ýiti bäsdeşlik şertlerinde netijeli işlemegiň möhümdigini belledi.
Portlaryň, zawodlaryň we senagat zolaklarynyň ýerleşişiniň arasynda integrasiýanyň ýokdlugy sebäpli Indoneziýada logistika çykdajylary 10 ýyl ozal 24 göterime ýetdi. Widodonyň pikiriçe, bu görkeziji 14 göterime çenli azalsa-da, ony has-da azaltmak üçin entek edilmeli işler kän.
Täze Makassar portunyň çuňlugy 16 metr we kuwwaty 2,5 million TEU bolup, konteýner daşaýan uly gämileri ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.