1 Mart, 2024
«Zenan kalby – zemin görki» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi
1-nji martda paýtagtymyzyň «Gül zaman» toý mekanynda Ulag-kommunikasiýa pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.
Halkara zenanlar güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe bolup döwlet derejesinde türkmen jemgyýetinde zenanlara uly sarpa we hormat goýulýandygyny alamatlandyrýar.
Döwletimiz tarapyndan döredilýän döwrebap şertlerdir, mümkinçiliklerden peýdalanyp ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlar bu günki gün, Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda her bir iş gününi ýokary zähmet görkezijilerine beslemek hyjuwy bilen has-da tutanýerli zähmet çekýärler.
Baýramçylyk dabarasynda aýdym-sazlar, goşgular, wäşi artistleriň sahnalary, tans çykyşlary bu dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.