29 Fewral, 2024
Türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanyň saglyk we sanly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Gyrgyzystanda iş saparynda bolýan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti Gyrgyzystanyň saglyk we sanly ösüş ministriniň orunbasary Bakyt Jangaziýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Saglyk we sanly ösüş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda gyrgyz tarapy türkmen wekiliýetine ýurtda saglygy goraýyş ulgamyndaky sanly özgertmeler we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwlet syýasaty barada gürrüň berdi.
Şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan sanly enjamlar, iEPID — saglygy goraýyş pudagynda bolup geçen wakalara gözegçilik etmek üçin maglumat ulgamy, iEMDOO - immunizasiýa üçin doly gurşawly maglumat ulgamy, «Hassanyň sanly maglumatnamasy», «Sanly lukmançylyk şahadatnamasy» ýaly dogluşlary, ölümleri we beýlekileri deslapky hasaba almak üçin maglumat ulgamy ýaly taslamalar barada pikir alşyldy.