28 Fewral, 2024
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, demirýol pudagynyň Sarahs, Artyk, Etrek ýük howlularynda ýükleme düşürme işleri amala aşyrylanda, üstaşyr geçýän ýükler üçin ýeňillikleri hödürleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýy barha beýgelýär. Munuň netijesinde eziz Watanymyz ýokary depgin bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasynda durmuşa geçirilýän parasatly maksatlarynyň iş ýüzünde aýdyň şöhlenmesidir.
Şeýlelikde, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly ýer ýüzünde täze Ykdysady Ýüpek ýoly ady bilen barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Beýik Ýüpek ýolunuň ugry boýunça Hytaýdan, Hindistandan, hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Bender Abbas deňiz menzillerinden Sarahs, Etrek, Artyk howlularyna awtoulaglar we demirýollary ulaglary arkaly getirilip, wagonlara ýüklenilip, ýükleme düşürme işleri amala aşyrylyp, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgystan Respublikalaryna demirýol ulaglarynyň ýol nyrhlaryna iň amatly demirýol ýol töleglerine ýeňillikler ulanylmaga berildi.
Sarahs ýük ýükleýiş-düşüriş howly:
Awtoulagdan – tükelleýiş parkyna degişli wagonlara ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp daşalanda, ähli üstaşyr ugurlara: 50 göterim ýeňillik
Awtoulagdan – hususy ýada kärendä alynan wagonlara ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp daşalanda, ähli üstaşyr ugurlara: 60 göterim ýeňillik
Wagondan – wagona (wagon eýeçiligine garamazdan) ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp daşalanda, ähli üstaşyr ugurlara: 50 göterim ýeňillik
Etrek ýük ýükleýiş-düşüriş howly:

Artyk ýük ýükleýiş-düşüriş howly:
Awtoulagdan – tükelleýiş parkyna degişli wagonlara ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp daşalanda, ähli üstaşyr ugurlara: 50 göterim ýeňillik
Awtoulagdan – hususy ýada kärendä alynan wagonlara ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp daşalanda, ähli üstaşyr ugurlara: 60 göterim ýeňillikler berildi.