27 Fewral, 2024
«Hünärim bar – hormatym bar»: Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň bäsleşigi jemlendi

Şu gün — 26-njy fewralda «Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar agentliginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri tarapyndan ýaýbaňlandyrylan bäsleşik täsirli çykyşlara diýseň baý boldy.
Gelin-gyzlaryň bäsleşigi ene-mamalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimiziň kämil nusgalaryna esaslanýan şertler boýunça bäsleşikleri özünde jemledi. Şertler tanyşlykdan (gulluk lybaslarynda 3 minutlyk çykyş) başlandy. Soňra ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlar alyp barýan wezipelerini görkezmek boýunça çeper çykyşlaryny hödürlediler. Üçünji şertde el işleri ýerine ýetirildi. Türkmen zenanlarynyň milli köýneklerini gadymy biçüwde, täzeçe öwüşginde, döwrebap keşde, basma, pugtama we ş.m. ajaýyp işler bilen bezelen nusgada hödürlemekden hem-de milli şaý-seplerimizde moda görkezmekden ybarat bolan şert bolsa türkmen zenanlarynyň, gelin-gyzlarynyň gözelliginiň milli äheň bilen sazlaşygyny emele getirdi.
Şeýlelikde, baş baýraga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekili eýe boldy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň agzalary 1-nji hem-de ikinji orunlary eýelediler. Üçünji orna «Türkmenawtoulaglary agentliginiň wekili üçünji orna mynasyp boldy.
Ýeňiji bolan gelin-gyzlaryň ajaýyp restoranyň owadan sahnasynda sylaglanýan pursatlary has-da ýatda galyjy boldy. Öňdebaryjy orunlara eýe bolan gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
«Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşik Watanymyzda zenan mertebesine goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi.