18 Sentýabr, 2026
Täsirli Çäre

Şu gün, ýagny 18-nji sentýabrda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler zalynda «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň hem-de Demirýolçularyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Garaşsyzlyk berdi bize bu bagty» atly dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň barşynda aýdym sazly çykyşlara giň orun berildi. Soňra bolsa ýolbaşçy hünärmenleriň çykyş etmeginde dabara gatnaşyjylary ýetip gelýän şanly Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllyk toýy bilen gutladylar. Dabaranyň dowamynda demir ýol ulaglary pudagynda şeýle-de «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasynda tapawutlanan işgärleri sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy bu gün ýurdumyzyň çar künjünde belentden-belent ýaňlanýar. Elbetde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty sanardan, wasp ederden juda köpdür. Ýurdumyz diňe parahatçylykda ösüşlerden-ösüşlere barýar. Bularyň ählisi – halkymyz üçin eşret hem bagt. Bularyň ählisi – halkymyz üçin buýsanç hem mertebe. Bizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak alyp barýan beýik tutumly işleriniň hemişe rowaç bolsun!