2 Awgust, 2026
Ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy.
Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,4 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 102,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterime barabar boldy.