24 Fewral, 2024
«Türkmenaragatnaşyk» agentligiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentligiň mejlisler zalynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň kalbyna siňen atalar sözlerine, nakyllaryna, pähim-paýhasly setirlerine bagyşlanyp wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Baş prokuraturasynyň, Içeri işler ministrliginiň, Demokratik partiýasynyň we ýurdu birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan we taryhda öçmejek yz goýan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň ýiti zehininiň we akyl-paýhasly sözleriniň diňe bir halkyň aňynda däl, eýsem bütin dünýäniň medeni mirasynda müdimilik yz goýandygy barada aýdyp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar ýokary ynsanperwer däp-dessurlara esaslanýan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleriniň ähli adamzadyň ruhuna ýetirýän täsiri barada belläp, setirleriň bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny tassykladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda, Gahryman Arkadagyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy dünýä ýüzünde dana şahyryň döredijiligine bolan gyzyklanmany has hem artdyrdy.