24 Fewral, 2024
“Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasy

“Demirýollary” AGPJ-iniň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük howlulary ýurdumyza halkara ulaglar gatnawlaryndaky import, eksport hem-de üstaşyr gelýän ýükleri ýükleme-düşürme işleri amala aşyryp, öz hyzmatlarytny ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Änew ýük howlusy demirýol ulagy arkaly import edilýän ýükleri ýagny, gurluşyk harytlary bolan armatur, kafel, şpaklýowka ýaly ýükleri hem-de iýmit ýüki bolan un, ösümlik ýagy ýaly ýükleri düşürme hyzmatlary ýerine ýetirip, müşderiler üçin dürli amatlyklar döredilýär.
Bulardan başga hem, ýurdumyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat ýükleýiş-düşüriş ýük howlusynda häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasyndan demirýol ulagy arkaly armatur hem-de sement ýükleri getirilip, wagondan awtoulaglara ýükler geçirilip Owganystan döwletine üstaşyr ugratmak işleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda 20 wagon 1 müň 360 tonna armatur ýüki wagondan awtoulaglara geçirilip, takmynan her aýda 5-10 müň tonna aralygynda ugratmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistan ýurdumyz eksport kuwwatyny barha artdyrmak bilen daşary döwletlere, ýagny Hytaý, Marokko ýurtlaryna kükürt ýükini eksport etmek bilen dünýä tanadýar. Bu eksport mukdaryny artdyrmakda hem, “Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasynyň Sarahs ýükleýiş-düşüriş ýük howlusy öz goşandyny goşýar. Sarahs ýük howlusy şu günki güne çenli takmynan 100 müň tonna golaý kükürt ýüküni ýükleme düşürme işlerini amala aşyryp, Eýran Yslam Respublikasynyň Bender abbas portuna ugratdy.