22 Fewral, 2024
«Demirýollary» AGPJ ýolagçylar üçin wagon-restoranlary ýola goýdy

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ulaglary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda demir ýol ulaglary pudagy öňdebaryjy orny eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen satyn alnan ýokary derejeli ýolagçy wagonlary demir ýol ulaglaryna bolan halkymyzyň islegini kanagatlandyrýar. Bu babatda häzirki döwürde ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek üçin zerur çäreler görülýär.
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçylara medeniýetli hyzmat etmek maksady bilen häzirki wagtda Aşgabat-Daşoguz, Daşoguz-Aşgabat, Aşgabat-Amyderýa we Amyderýa- Aşgabat aralygynda gatnaýan ýolagçy otlularynyň düzümine wagon-restoranlary goşulyp, ýolagçylara jemgyýetçilik iýmiti üpjünçiligi ýola goýuldy.
Wagon-restoranlarda türkmen saçagynyň milli tagamlary, çaý we kofe, süýji-köke onümleriniň we alkogolsyz içgileriniň dürli görnüşleri syýahatçylyk edýän raýatlarymyza hödürlenýär.