22 Fewral, 2024
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýükleri gatnatmak hyzmatyny hödürleýär

Häzirki wagtda az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.
Ugradyljak ýük “akylly” terezilerde ölçelýär. Operator kompýutere ýüküň barmaly ýerini we agramyny girizýär, kompýuter bolsa, ony awtomatik usulda hasaplap, çykdajylary görkezýär. Girizilen maglumatlary we hasaplamalary “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bitewi sanly platformasynda hem görüp bolýar. Bu bolsa, kärhananyň alyp barýan işine ilatyň ynamyny güýçlendirýär. Ýük ugratmak üçin çykdajylar ugradylýan we eltilmeli ýer görkezmek arkaly hasaplanylýar.
Poçta aragatnaşyk kärhanasynyň üsti bilen ýük ugratmagyň esasy aýratynlygy, iberilen ýük tiz wagtda howpsuz eýesine gowşurylýar. Sebäbi ýük wagonlary welaýatlaryň ählisine gündelik gatnaýar. Çaparlar kärhananyň awtoulagynda sargyt boýunça ýüki özleri hem alyp gaýdýarlar. Bu hyzmaty ulanmak üçin pasportyň ýa-da şahsyýeti anyklaýan beýleki resminamalaryň görkezilmegi möhümdir.
Hyzmatlaryň nyrhlary ugradylýan nokat bilen ýüküň alynýan salgysynyň arasyndaky uzaklyga laýyklykda kesgitlenýär. Hyzmatyň tölegi nagt, bank karty ýa-da ýuridik şahslar üçin geçirme arkaly kabul edilýär.
Has giňişleýin maglumatlary (+993 12) 94 20 34 telefon belgisi we 075 gysga belgisi arkaly almak bolýar. Hyzmatlar üçin «Çapar» mobil goşundysyndan peýdalanyp bilersiňiz.