20 Fewral, 2024
Dünýäniň iň howpsuz awiakompaniýalary

Awiasiýa pudagynda howpsuzlyk we harytlara baha berýän «AirlineRatings» dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawyny taýýarlady. Awstraliýaly kompaniýa sanawy taýýarlamak üçin soňky bäş ýylda ýüze çykan tehniki näsazlyklar, soňky iki ýylda geçirilen barlaglar, uçarlaryň ortaça «ýaşy» we ekipažyň okuwy ýaly ugurlara baha beripdirler.
Sanawda «Air New Zealand» birinji orny eýeläpdir. Her ýylda taýýarlanýan sanawyň geçen ýylkysynda «Qantas» awiakompaniýasy birinji orny alypdyr. Bu iki kompaniýanyň arasyndaky tapawut örän az bolup, köplenç birinji we ikinji ýerleri alýar. «Air New Zealand» uçarlarynyň ýylynyň täzedigi sebäpli «Qantas»-dan sähelçe öňe geçipdir. Soňky orunlary bolsa «Virgin Australia», «Etihad Airways» we «Qatar Airways» ilkinji bäşlige giripdir. «AirlineRatings.com» saýtynyň redaktory Goffri Tomas sanawa girizilen 25 awiakompaniýanyň 2024-nji ýylda «Airbus A350», «Boeing 787» we «Boeing 777-9» uçarlary bilen bir hatarda täze, has kämil uçarlaryň ulanylmagynda öňdeligi eýelejekdiklerini belledi.
Awiasiýa pudagynyň ösen ýurdy hasaplanýan ABŞ-dan bolsa ilkinji onluga diňe «Alaska Airlines» girizilipdir. Şeýle hem «Hawaiian Airlines» (21-nji), «American Airlines» (22-nji) we «United Airlines» (25-nji) kompaniýalary soňky basgançaklary eýeläpdir. «Emirates» (BAE), «All Nippon Airways» (Ýaponiýa), «Finnair» (Finlýandiýa) we «Cathay Pacific Airways» (Irlandiýa) degişlilikde ilkinji onluga giripdir.