19 Fewral, 2024
Türkmenistan Durnukly ulag baglanyşygynyň dünýä kartasyny döretmegi teklip edýär

Türkmenistan ulag we logistika pudagyna halkara gatnaşygyna ýardam etmek bilen, Durnukly ulag baglanyşygynyň dünýä kartasyny döretmegi teklip etdi. Aşgabadyň bu başlangyjyny, wise-premýer we daşary işler ministri R.Meredow ýakynda Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde yglan etdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, onuň esasy elementleri şulary öz içine almalydyr:
– uzakmöhletleýin bilelikdäki amaly ädimleriň anyk yzygiderliligini kesgitlemek we durmuşa geçirmek üçin hökümetleriň, halkara guramalaryň, gözleg institutlarynyň, hususy sektoryň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk;
– dürli çeşmeleri birleşdirip, möhüm maglumatlary alyşmagy ýeňilleşdirýän açyk maglumat platformasy;
– maglumatlary yzygiderli derňeme we şonuň esasynda hökümetara derejesinde özara ylalaşylan kararlary işläp düzmek.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy, şeýle-de Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy hökmünde öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk kesgitleýändigini we durmuşa geçirýändigini, şolara laýyklykda, ýurduň goşýan goşandynyň global maksatlara çalt ýetilmegine ýardam etjek ileri tutulýan ugurlary kesgitleýändigini aýtdy.
https://turkmenportal.com/tm/blog/74174/turkmenistan-durnukly-ulag-baglanyshygynyn-dunya-kartasyny-doretmegi-teklip-edyar