19 Fewral, 2024
Demirýol ulaglary boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma artýar: Ispaniýa Patyşalygynyň wekiliýeti Türkmenistanda bolar

Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly Ilçisi Markos Gomez Martinez 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda
Watanymyzda işe başlapdy.
Ol 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň ýanyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň
binasynda türkmen demirýolçulary bilen duşuşdy.
Türkmen demirýolçulary Ispaniýanyň Ilçisi Markos Gomez Martineze
Türkmenistanyň infrastruktura taslamalary we demirýol ulaglary pudagynyň
geljegi bilen tanyş etdiler.
Ispaniýaly diplomat Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanyň demirýol
ulaglary pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady we
2024-nji ýylyň mart aýynyň ortalarynda Ispaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalaryny
we maýa goýujylaryny zerur işleri geçirmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça we beýleki ýokary derejeli hünärmenleri Aşgabat şäherine alyp gelmek
isleýändigini aýtdy. Taraplar iki ýurduň arasynda degişli ugurlarda özara peýdaly
hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.
Türkmen demirýolçulary hem öz gezeginde demirýol pudagynda ispan
öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini, hususan-da «S.A.E.
Ibertest», «Talgo», «TELTRONIK», «TYPSA GROUP» we «FIEM» ýaly
kompaniýalarynyň bu hem düzüme goşulmagyny teklip berdiler.
«S.A.E. Ibertest» kompaniýasy bilen bilelikde «Türkmendemirýollary»
agentligi 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň Ykdysady Forumynyň çäginde tejribe alyşmak, synag ulgamlaryny,
enjamlaryny we bilimlerini üpjün etmek meýilli Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanda demirýol enjamlaryny barlamak, synagdan geçirmek we
taýýarlamak boýunça milli maglumat merkezi (NRCTRE) bu taslama üçin zerur
bolan serişdeleri Ispaniýanyň Senagat, söwda we syýahatçylyk ministrliginiň
"Ispan kompaniýalaryny halkaralaşdyrmak gaznasyndan" (FIEM) maliýeleşdirmek
göz öňünde tutulan.
Bu duşuşygyň esasy maksady maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak we
ýurdumyzyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek, demirýol
ulaglary pudagynyň geljegi uly ugurlary, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara
gatnaşyk, şeýle hem innowasiýa, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda gepleşikler
arkaly ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar.
Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly Ilçisi Markos Gomez Martinez 6-njy fewralda Moskwada
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Esen Aýdogdiýew bilen geçiren duşuşygynda hem bu hakykaty tassyklady.