31 Awgust, 2024
TÜRKMENISTAN – OWGANYSTAN: DEMIR ÝOL ULAGLARY PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK

Ýokary ösüşlere beslenýän häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri däbe öwrülen dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de sebit döwletleri bilen bilelikde iri möçberli halkara ykdysady taslamalary amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Geosyýasy taýdan amatly — Aziýa bilen Ýewropa yklymlaryny birleşdirýän ulag çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup durýar. Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagynda we berkidilmeginde wajyp orny eýelemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitiň ýurtlary, halkara guramalary bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda iki sany, Serhetabat — Turgundy we Ymamnazar — Akina serhetýaka demir ýol geçiriş ýerleri hereket edýär. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň esasy görnüşi ýükli wagonlary eltmek, olary alyp gaýtmak, kabul etmek we tabşyrmak işleri, stansiýada bar bolan demir ýolunyň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek ýaly möhüm işlerden ybarat bolup durýar.
Dostluk we doganlyk däplerine esaslanyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu günki günüň wajyp meselesidir. Şunuň bilen baglylykda Demir ýol ulaglary pudagynda taslamalary amala aşyrmak arkaly ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk giň gerime eýe bolýar. Hususan-da, Kerki-Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina-Andhoý (Owganystan) demir ýolunyň, Turgundy portunyň demir ýollarynyň gurluşyk işleriniň amala aşyrylyp, işe girizilmegi bu ugurda hyzmatdaşlygy artdyrmaga giň mümkinçilik berýär.
Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Hedaýatulla Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 29-njy awgustyndan 1-nji sentýabry aralygynda owgan-türkmen hyzmatdaşylygyny has-da ösdürmek babatda ýurdumyza iş sapary bilen geldi.
29-njy awgustda Ulag we komminikasiýalar toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen owgan wekiliýetiniň işjeň duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy we geljekde bu babatda has-da işjeňligi artdyrmak barada oňyn pikirler beýan edildi.
Ýakyn wagtda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň çäginde Serhetabat — Turgundy demiir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde Guşgy derýasynyň üstünden geçýän, türkmen demirýolçulary tarapyndan gurlan uzynlygy 177 metr bolan täze demir ýol köprüsiniň açylyşy babatda, şeýle hem «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Demirýol edarasynyň arasynda Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň we Turgundy — Hyrat demir ýolunyň I-nji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň gurluşyk işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Bu işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag we aragatnaşyk geçelgeleriniň strategiki çatrygynda ýerleşýän ata Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýä ýurtlarynyň ählisi, şol sanda goňşy ýurtlar bilen netijeli işleri pugtalandyrýandygyny görkezýär.
Şamämmet ATAMÄMMEDOW,
«Türkmeniň ýüpek ýoly».