16 Fewral, 2024
17 million syýahatçy bardy

2023-nji ýylda 17,15 million daşary ýurtly syýahatçy Dubaýa barypdyr. Bu barada Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk departamentiniň maglumatynda mälim edilýär. Maglumata görä, geçen ýyl Dubaýa daşary ýurtly syýahatçylaryň akymy 19,4% ýokarlanypdyr. Syýahatçylaryň, takmynan, 3,3 milliony Günbatar Ýewropadan baryp, syýahatçylaryň umumy akymynda bu ýurtlaryň paýy 19%-e deň boldy. Biraz yza galmak bilen ikinji orny Günorta Aziýa eýeledi (3,1 million, 18%). Öňe saýlanan ýurtlaryň üçlügini Russiýa, GDA we Gündogar Ýewropa ýurtlary emele getirýär, bu sebitlerden 2,26 million myhman baryp, daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy akymynda syýahatçylaryň paýy 13% boldy.
Şonuň ýaly hem, ilkinji bäşlige Ýakyn Gündogar we Afrika (12%), Demirgazyk we Günorta-Gündogar Aziýa (9%) ýurtlary girdi. Geçen ýyl emirligiň myhmanhanalarynyň ortaça dolulygy 77,4% boldy. 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Dubaýda eýelenen otaglaryň sany 150 müň (821 myhmanhana), syýahatçylaryň gijelerine galmaklarynyň sany 41,7 milliona deň boldy. 2022-nji ýylda Dubaýa 14,36 million syýahatçy baryp görüpdir.