8 Iýun, 2024
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler

7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Koreýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk okgunly, özara bähbitli häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýratyn bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň amala aşyrjak döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Soňky ýyllarda nebitgaz, himiýa we ulag ulgamlarynda durmuşa geçirilen ençeme bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.
Döwlet Baştutany şular barada aýtmak bilen, ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa hem-de Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalaryna ýüzlenip, bu saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.