7 Iýun, 2024
Türkiýe Respublikasynyň ynsanperwer kömek ýükleri demirýol ulaglary arkaly Owganystana tarap ýola düşdi

Türkiýe Respublikasynyň Döwlet demirýollary «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde doganlyk ýurdy bolan Owganystan Yslam Respublikasyna Ynsanperwer ýükleriň baryp gowuşmagyna yzygiderli ýardamlaryny berýärler.

Bu gatnaw ýurdumyzyň iň esasy logistika merkezi Etrek stansiýasynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlary bilen ýükleme-düşürme işleri arkaly türkmen wagonlaryna geçirilip, Owganystanyň Turgundy demirýol stansiýasyna ugradylýar.

ORIENT news
Foto: Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi tarapyndan berlen
Orient Link: https://orient.tm/tm/post/72989/turkiye-respublikasynyn-ynsanperwer-komek-yukleri-demiryol-ulaglary-arkaly-owganystana-tarap-yola-dusdi