31 Maý, 2024
Ulaglar arkaly türkmen-gazak söwda dolanyşygy 100 million dollardan geçdi

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada düýn Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.
«Şu ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 million amerikan dollardan geçdi. Oňyn ösüş depginleri ýakyn geljekde özara söwdamyzy 1 milliard amerikan dollara çenli ýokarlandyrmak baradaky maksada ýetmäge ynam döredýär» diýip, Gazagystanyň Premýer ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu belledi.
Mundan başga-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelmegine aýratyn üns berilmegi netijesinde soňky bäş ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdan dolanyşygynyň, takmynan, 4 esse ýokarlanandygy bellenildi. Hususan-da, 2023-nji ýylda bu görkeziji 28 göterim ýokarlanyp, 563 million amerikan dollara deň boldy.
«Türkmenistan ähli başlangyçlaryny we tekliplerini dünýä hem-de sebit derejesinde durmuşa geçirmekde Gazagystany goldaýar. Şu günki gepleşiklerimiziň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer R.Meredow belledi.