18 Maý, 2024
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy tarapyndan guralan surat bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

17-nji maýda Astrahan sebitiniň Priwolžskiý etrabynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdepde Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy tarapyndan guralan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly surat bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň metbugat gullugy habar berýär.
Bu bäsleşik beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralyp, onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Türkmenistan konsullygynyň wekilleri, mugallymlar, okuwçylar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.
Bäsleşik 1 – 9-njy synp aralygyndaky okuwçylaryň arasynda geçirildi. Oňa gatnaşan ýaşajyk suratkeşler öz eserlerinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, onuň pähim-paýhasa ýugrulan pikirlerini we şahyrana diliniň gözelligini suratlarda açyp görkezmäge çalyşdylar.
Bäsleşigiň sungat mugallymlaryndan ybarat bolan eminler topary gatnaşyjylaryň özboluşly çemeleşmelerine hem-de surat çekmekdäki ukyplaryna ýokary baha berdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara diplomlar, gymmatbahaly sowgatlar we ýadygärlik sowgatlyklar gowşuryldy. Iň oňat eserler Türkmenistan konsullygy tarapyndan ýörite baýraklar bilen sylaglanyldy.
Şeýle-de dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň ýaş suratkeşleriň zehinine baha berip bilmekleri üçin iň oňat eserler mekdebiň eýwanynda görkezilişe çykaryldy.
«Surat çekmek bäsleşigi mekdebiň durmuşynda özboluşly waka boldy hem-de Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ýaş nesilleriň arasynda has-da giň ýaýramagyna möhüm goşant goşdy» diýlip, çeşmäniň habarynda bellenilýär.
