16 Maý, 2024
Turgundy gury portunda ammarlar toplumy gurlar

Berkarar döwletimiziň ulaglar ulgamynda goňşy döwletler bilen halkara demir ýol geçelgeleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda möhüm ulag geçelgeleriniň biri bolan Owganystan döwleti bilen serhetleşýän Serhetabat Turgundy demir ýol geçelgesiniň işjeňligini artyrmak möhüm mesele bolup durýar.
Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary barha berkeýär Owganystanyň parahatçylykly ösüşine, durmuş–ykdysady infrastrukturasynyň dikeldilmegine, sebitiň ýurtlary bilen halkara derejesinde hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna, şol sanda goňşy döwletiň demir ýol infrastrukturasynyň pugtalandyrylmagyna biziň ýurdumyz tarapyndan uly tagallalar edilýär.
Owganystany ykdysady taýdan galkyndyrmak meselesinde möhüm orny eýeleýän Türkmenistan Watanymyz birnäçe wajyp teklipleri öne sürýär. Olaryň biri hem Owganystan döwletiniň Turgundy gury portunda döwrebap ammarlar toplumyny gurmak bolup durýar. Ykdysady taýdan ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi geljekde döwletleriň arasyndaky ýük dolanyşygyny artyrmaga ýardam berer.
Bu ammarlar toplumynda ýükleri ýüklemek, düşürmek, konteynerleri awtoulaglara, wagonlara ýerleşdirmek, açyk meýdançada saklamak ýaly hyzmatlar amala aşyrylar.