Hytaýyň Urumçy şäherinde ýerli hünärmenler bilen Gazagystanyň demir ýol
dolandyryjylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu ýerde bilelikdäki işleriň
netijeleriniň jemlenendigini «inbusiness.kz» habar berýär.
Gazagystanyň «Gazagystanyň demir ýoly» milli kompaniýasy» paýdarlar
jemgyýetiniň metbugat gullugy bolsa duşuşygyň ähmiýetini belleýär. 2022-nji ýyl
bilen deňeşdirilende, iki ýurduň arasynda ýük daşamagyň mukdary 22% artdy.
Netijede, täze rekord — 28 million tonnadan gowrak görkeziji bellige alyndy.
«Gazagystanyň ýük daşaýjylary eksport üçin 12,6 million tonna barabar bolan
önümi ýolladylar, munuň özi 2022-nji ýyldakydan 35% ýokarydyr. Galla
ýükleriniň eksporty 2 esse — 2,2 million tonna çenli, un we degirmen önümleri 3
esse — 600 müň tonna çenli, ösümlik ýagy 56% — 180 müň tonna çenli, reňkli
metallar 41% — 500 müň tonna çenli, koks bolsa 4 esse ýokarlandy — diýip,
Gazagystanyň demir ýol operatorynyň metbugat gullugy belleýär.
Bu netijäni has-da pugtalandyrmak başardarmy? Häzirki wagtda iki ýurtda
hem uly göwrümli ýol işleri alnyp barylýar we taraplar bu barada birek-birege
habar berdiler. Şeýle işleriň hatarynda signalizasiýa we awtomatlaşdyryş
enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, Gazagystan Respublikasyndaky Moýynty-
Dostyk bölüminiň infrastrukturasyny giňeltmek ýa-da Hytaý Halk
Respublikasynda Szinhe-Alaşankou demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak ýaly
meseleler mynasyp ornuny tapýar. Şol bir wagtyň özünde hem, Gazagystanyň we
Hytaýyň demir ýol ulgamynyň wekilleri Dostyk-Alaşankou serhet geçelgesinde
işleriň sinhronlaşdyrylmagy barada ylalaşmagy başardylar. Öňde goýlan wezipeleri
göz öňünde tutup, taraplar ýük daşamagyň mukdaryny geçen ýylky derejesinde
saklamagy maksat edinýärler.
Gazagystan Respublikasynyň hökümeti 2023-nji ýylyň ahyrynda işleriň
netijelerini we demir ýol gatnawlary boýunça meýilnamalaryny jemledi. 2023-nji
ýylda demir ýol ulaglary pudagynda birnäçe uly taslama başlandy. Şolaryň
arasynda Almaty demir ýol çatrygynyň ýarysyny diýen ýaly ýeňilleşdirjek we
Merkezi Aziýa ugrundaky geçirijilik kuwwatyny 10 million tonna çenli
ýokarlandyrjak Almaty stansiýasyndan we Darbaza - Maktaaral ugrundan aýlanyp
geçýän aýlaw ulgamynyň gurluşygy bar.