Dünýäniň awiakompaniýalary 2023-nji ýylda ýolagçy gatnawyny 36,9 göterim artdyrdylar diýip, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy (IATA) habar berdi. Netijede, howa gatnawy pandemiýadan öňki 2019-njy ýyldakynyň 94,1 göterimine ýetdi diýip, «Interfax.ru» habar berýär.
Geçen ýylda ýewropaly awiakompaniýalar halkara gatnawlarynda ýolagçylaryň sanyny 22 göterim artdyrdylar. Demirgazyk Amerikada ýolagçy sanynyň görkezijisi 28,3 we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 126 göterim artdy.
Hytaýda içki uçuşlarda ýolagçy gatnawy 139 göterim artyp, pandemiýadan öňki döwürdäkiden 7,1 göterim köpeldi.
«Pandemiýadan soňky güýçli dikeliş 2023-nji ýylda-da dowam etdi. Syýahatlaryň köpelmegi oňat habardyr. Bu dünýä ykdysadyýetiniň dikelmegine ýardam berýär» diýip, IATA guramasynyň baş direktory Uilli Uolş gürrüň berýär.
Dünýä awiakompaniýalarynyň ýük gatnawy welin, geçen ýyl 1,9 göterim azaldy.
IATA ählumumy awiagatnawlaryň 83 göterimi degişli bolan dünýä awiakompaniýalarynyň 320-sine wekilçilik edýär.