29 Aprel, 2024
«Belavia» Türkmenistana ýene bir göni awiagatnawyny açýar

Belarus Respublikasynyň «Belavia» döwlet awiakompaniýasy 12-nji awgust — 2-nji sentýabr aralygynda diňe sişenbe günleri däl, eýsem, duşenbe günleri hem Türkmenistana awiagatnawy amala aşyrar.
Täze uçuş tertibi: Minskden ugraýan wagty — 19:40, Türkmenbaşy şäherine gelip düşýän wagty — 1:50. Türkmenbaşydan ýola düşýän wagty — 2:50, Minske barýan wagty — 5:10.
Uçuşlaryň tertibiniň ýerli wagt bilen görkezilýändigini unutmaň! Ýol petekleriniň nyrhy we beýleki degişli maglumatlar üçin Belavia.by web saýtyna girip bilersiňiz!