26 Aprel, 2024
Paýtagtymyz Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

24-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bu halkara çärä taýýarlyk görlüşi barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Hasabatda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde GDA-nyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa Aşgabatda degişli iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat şäherinde geçiriljek nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.