Şu gün — 19-njy aprelde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi jemlendi.
Forumyň jemleýji bölegine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy M.Çakyýew gatnaşdy. Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen çärede netijeli geçen forumyň jemleri jemlendi.
Jemleýji çärede çykyş edenler demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň dowamynda diýseň ähmiýetli teklipleriň hem-de başlangyçlaryň öňe sürlendigine hem-de degişli çözgütleriň kabul edilendigine ünsi çekdiler. Munuň özi forumyň demir ýol pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, ulgamyň işini kämilleşdirmekde diýseň ähmiýetli bolandygyny tassyklaýar.
Ýeri gelende ýatlasak, maslahatyň jemlenmeginiň bir gün öňüsyrasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi. Iki dilde — türkmen hem hytaý dillerinde tassyklanan Teswirnama taraplaryň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýär. Ol halkara ähmiýetli resminamalaryň ençemesini özünde jemleýär.
Halkara forumyň jemlenmegi mynasybetli guralan çärede Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň diýseň ýokary guramaçylyk derejesi bellenip, munuň üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözleri beýan edildi.
Maslahatyň ahyrynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi kabul edildi.