17 Aprel, 2024
«Türkmentelekom» EAK-nyň hyzmatlaryny onlaýn dolandyryň!

«Türkmentelekom» EAK-nyň «Şahsy otag» milli onlaýn programma üpjünçiligi we mobil goşundysy müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin ýola goýuldy.
«Şahsy otag» milli onlaýn programma üpjünçiligi we mobil goşundysy arkaly:
- Internet, IP TV, telefon hyzmatlary, «Belet Video», «Belet Film» onlaýn kinoteatr platformasy boýunça ýüze çykyp biljek näsazlyklary barada sargyt ibermek; (Sargytlar tehniki işgärler tarapyndan kabul edilip, gysga wagtyň içinde zerur bolan geçirmek-çalyşmak işleri alnyp barylýar)
- Aragatnaşyk hyzmatlaryň sanawyny görmek we täze girizilýän hyzmatlaryň görnüşleri bilen tanyşmak;
- Aragatnaşyk hyzmatlaryny birikdirmek, aýyrmak we bu hyzmatlaryň nyrh meýilnamasyny saýlamak we özbaşdak üýtgetmek;
- Ähli geçirilen tölegleriň sanawy we möçberleri barada takyk maglumat bilen tanyşmak;
- Bank karty arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasabyny gije-gündiziň dowamynda nagt däl amala aşyrmak ýaly hyzmatlary onlaýn ýerine ýetirýär.
«Şahsy otag» - müşderileriň özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna dessine jogap tapmagyna we kompaniýanyň alyp barýan işleri barada doly maglumatlary almaklaryna mümkinçilik berýär.